Serdar Berdimuhamedow Daniýanyň Şa zenanyny gutlady

21:5216.04.2023
0
32591

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daniýanyň Şa zenany hanym Margrete II Daniýanyň milli baýramy – Şa zenanyň doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Şa zenan Margrete II berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Daniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň