Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimine berk käýinç yglan edildi

22:0014.04.2023
0
44881

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi Aramow Abdymuhammet Begmyradowiçe etrabyň çäginde alnyp barylýan arassaçylyk-abadanlaşdyryş hem-de gurluşyk işlerinde kemçiliklere ýol berip, özüne ynanylan wezipäni talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin berk käýinç yglan edildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Buýruga şu gün — 14-nji aprelde gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek häkime soňky gezek duýduryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň