Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ruslan Mingazow Sapling kubogynda tapawutlandy

12:3611.04.2023
0
25466

«Kitçiniň» türkmenistanly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow duşenbe güni Sapling kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda «Istern» bilen geçirilen duşuşykda tapawutlandy.

Onuň 52-nji minutda geçiren goly bilen hasap 1:1-e deňlendi. Duşuşyk bolsa 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Sapling kubogyna Gonkongyň premýer ligasyna wekilçilik edýän futbol toparlary gatnaşýar. Ýaryşyň maksady ýaş futbolçylaryň başarnyklaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

«B» toparçasynda 16 utuk bilen üçünji orny eýelän «Kitçi» ýaryşyň indiki tapgyryna çykyp bilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň