Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça Ýokary liganyň wekilleri ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdiler

08:1410.04.2023
0
18501

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň täze möwsümine taýýarlygyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň toparlary öz aralarynda ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdiler.

Geçen ýyl çempionaty kümüş medal bilen tamamlan «Altyn asyr» Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň futbol meýdanynda «Köpetdagy» kabul etdi. Toparlaryň täzelenen düzümindäki ýaş oýunçylaryň birnäçesine mümkinçilik berlen duşuşyk «aragatnaşykçylaryň» 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

«Aşgabat» stadionynyň ýanaşyk meýdanlarynyň birinde geçirilen duşuşykda «Ahal» paýtagtyň adybir toparyny 3:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda «Ahalyň» gollaryny Döwran Hojamämmedow, Şöhrat Söýünow we Pirmyrat Sultanow geçiren bolsa, «Aşgabatdan» Bäşim Gurbanberdiýew tapawutlandy.

Türkmenistanyň çempionatynyň 1-nji tapgyrynda «Köpetdag» 14-nji aprel güni Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» kabul eder. «Altyn asyr» 15-nji aprelde Aşgabatda «Nebitçi» bilen duşuşar. Şol gün «Aşgabat» futbol topary Maryda ýerli «Merwiň» myhmany bolar. «Ahal» bolsa şol gün öz meýdanynda «Energetigi» kabul eder.

Täze döredilen «Arkadag» futbol toparynyň birinji tapgyrda dynç aljakdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň