Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky Rus drama teatry Russiýa Federasiýasyndan maliýe goldawyny alar

19:1809.04.2023
0
22826

2023-nji ýylda 10 ýurduň rus teatrlary Russiýa Federasiýasyndan maliýe goldawyny alar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministriniň orunbasary Alla Manilowa anna güni «Daşary ýurt rus teatry rus medeniýetiniň bilim ojagy hökmünde» atly dördünji halkara maslahatynyň umumy mejlisinde mälim etdi.

«Maliýe kömegi berilýän teatrlaryň sanawynda Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky Rus drama teatry hem görkezilendir» diýip, TASS habar berdi.

Şeýle hem, ministriň orunbasarynyň sözlerine görä, bu teatr «infrastruktura» degişli meseleleri çözmekde hem Russiýa Federasiýasyndan goldaw alar.

Manilowa daşary ýurt rus teatrlaryna maliýe goldawy işiniň iki ugurda alnyp barylýandygyny belläp geçdi: iň döwrebap teatr sahna enjamlaryny satyn almak we premýeralara goldaw bermek. «Enjamlar üçin 5 million rubl, sahna eserlerini goýmak üçin hem 5 million rubl» diýip, Manilowa düşündirdi.

Abhaziýadaky, Ermenistandaky, Belarusdaky, Gruziýadaky, Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Täjigistandaky, Özbegistandaky we Günorta Osetiýadaky rus teatrlary hem maliýe goldawyny alarlar.

Manilowa rus teatrlaryny maliýeleşdirmegiň çeşmesiniň «Russkiýe sezony» atly awtonom telekeçilik däl guramasy tarapyndan amala aşyryljakdygyny mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň