Täjigistanyň Baş Botanika bagyna şu ýyl 90 ýyl dolýar. Bu özboluşly seýilbagda dünýäniň çar künjeginden getirilen on müňlerçe ösümlikler bar. Bag şäherlileriň we myhmanlaryň iň halaýan ýeridir, biologlar hem bu ýerde dürli ylmy-barlaglary alyp barýarlar diýip, «MIR 24» habar berýär.
Mysal üçin, bagyň «Gülleriň baly» diýen ýerinde çigildemleriň 30 müňüsi ösüp otyr, ol baharda adamlaryň iň gelim-gidimli ýeridir.
Bag alty sany geografik zolaga bölünýär, bu ýerde seýrek serwi agaçlarydyr magnoliýa baglary ak güllere beslenip otyr, tropiki palmalar hem bar. Garry dub agajy Botanika bagy bilen ýaşytdaş, ony şäherliler «energiýa agajy» diýip atlandyrýarlar, ol güýji almak üçin bolsa, bagy gujaklamak ýeterlik diýip, olar aýdýarlar.
Duşenbe şäherindäki «Bogi Iram» bagy 40 gektary tutýar. Ol ýerli ilatyň medeniýetli dynç alýan ýeri, bu ýerde gezim edýänlerem çagalardan başlap, garrylara çenli sport bilen meşgullanýanlaram köp. Köpler dynç günleri maşgalasy bilen gelip, bu ýerde waglaryny hoş geçirýärler.
Bagda hünärmentleriň şäherjigi hem ýerleşýär, onda baýramçylyklar, aýdym-saz, aşpezlik festiwallarydyr hatda durmuş toýlary hem geçirilýär.