«DreamWorks Animation» studiýasy «Şrek» multfilminiň bäşinji bölüminiň surata alnyş işlerine taýýarlyk görýär diýip, «Variety» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
Filmiň prodýuseri Kristofer Meledandri multfilmiň gahrymanlaryna ses berjek aktýorlar bilen işjeň gepleşikleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Taslamada Şrege ses berjek Maýkl Maýers, şa gyzy Fiona ses berjek Kemeron Dias, öň Eşege ses beren Eddi Merfi bilen gepleşikler alnyp barylýar.
Prodýuser şeýle-de animasion filmiň esasy gahrymanlarynyň biri bolan Eşege bagyşlanan şahasynyň surata düşüriljekdigini nygtady, öň aktýor Eddi Merfi oňa ses bermäge höwes bilen razydygyny, Eşege aýratyn filmiň bagyşlanmagynyň ýerlikli boljakdygyny aýdypdy.