Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy «Ene dilim» sütünini işe girizdi

12:3505.04.2023
0
34208

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň sosial sahypasynda türkmen dilini gorap saklamagyň we ösdürmegiň umumy sebäbine goşant goşmak maksady bilen «Ene dilim» sütüni açyldy.

Baş konsullygyň metbugat gullugynyň habaryna görä, bu bölümde dürli türkmen sözlerine taryhy gelip çykyşy, dogry ýazylyşy we sözleýiş nukdaýnazaryndan garamak meýilleşdirilýär. Hakykatdan hem, häzirki globallaşma, tehnologiýalaryň durmuşa işjeň ornaşdyrylmagy ene diliň goralmagyna we ösmegine has uly üns berilmegini talap edýär. Bu mowzuga, esasan hem, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň arasynda üns berilmegi ähmiýetlidir.

Rubrikada derňemek üçin saýlanan ilkinji söz «Salawmaleýkim» bolup, ýagny «Edebiň başy — salamdyr» aýtgysy ýerleşdirilipdir.

«Ene dilim» bölüminiň mazmuny boýunça teklipler sosial ulgam hasaby arkaly Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygyna iberilip bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň