Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gündogar sebitde «Lebap Handmade Exports» çäresi geçirildi

15:5703.04.2023
0
22698

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) we Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň guramagynda «Lebap Handmade Exports» maksatnamasy boýunça geçirilen çärä 300-den gowrak adam gatnaşdy.

Şeýle çäre Türkmenistanda üçünji gezek geçirilýär. Olaryň ilkinji ikisi Aşgabat şäherinde geçirilipdi. Duşuşyklaryň dowamynda degişli maksatnamanyň uçurymlary ýerli senetçilere el işlerini eksport bazaryna çykarmak boýunça özlerini hyzmatlaryny we maslahatlaryny hödürlediler.

Bu senetçileriň elinden çykan işleriň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy. Oňa Lebap welaýatynyň dürli etraplaryndan we ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndan gelen senetçiler hem gatnaşdylar.

Indi maksatnamanyň gündogar sebite wekilçilik edýän 20 agzasy öňümizdäki alty aýyň dowamynda önümiň dizaýny, jemgyýetçilik torlaryndaky marketing, mahabat bildirişlerini ýazmak, surata düşürmek we sanly marketing ýaly ugurlar boýunça zehinli hünärmenlerden tälim alarlar. Mundan başga-da, bu maksatnama türkmen el işleriniň önümçiligi bilen meşgullanýanlar üçin ABŞ-nyň işewür hyzmatdaşlary we onlaýn-dükanlary bilen aragatnaşygy we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň