Soňky habarlar

Arhiw

«Çelsi» Potteri işden boşatdy

08:1003.04.2023
0
20226
«Çelsi» Potteri işden boşatdy
Surat: championat.com

«Çelsi» baş tälimçi Gremm Potteri işden boşatdy. Klubyň öz beýanatynda mälim etmegine görä, topar bilen tälimçiniň arasyndaky şertnama ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda wagtyndan öň bes edildi.

Häzirlikçe Bruno Saltor «Çelsiniň» baş tälimçisiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji topary indiki oýunlara taýýarlar.

Potter 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesine bellenilip, topar bilen 5 ýyllyk şertnama gol çekişipdi. «Aristokratlar» Potteriň halypalyk etmeginde 31 oýun geçirdiler. Topar şolaryň 12-sinde ýeňiş gazandy, 11-sinde ýeňlişe sezewar boldy, 8 oýunda bolsa deňlik hasaba alyndy.

«Çelsi» häzirki wagtda APL-yň turnir tablisasynda 38 utuk bilen 11-nji ýerde barýar.

Ýeri gelende bellesek, Potter APL-yň şu möwsüminde işden boşadylan 13-nji tälimçi boldy. Bu liga üçin rekord görkezijidir. Mundan ozal 2013/14-nji we 20217/18-nji ýyllardaky möwsümlerde 10 tälimçi işden kowlupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň