Top.Mail.Ru

Futurolog 2030-njy ýyla çenli adamlaryň baky ýaşamagy öwrenjekdiklerini çaklaýar

09:1503.04.2023
0
16945
Futurolog 2030-njy ýyla çenli adamlaryň baky ýaşamagy öwrenjekdiklerini çaklaýar
Surat: socialbites.ca

Amerikaly futurolog Reýmond Kursweýl ýene sekiz ýyldan adamlar baky ýaşamagy öwrenerler diýen çaklamany öňe sürdi. Onuň öňki çaklamalarynyň 137-siniň 86 göterimi dogry bolup çykdy diýip, «Daily Mail» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Geljegi öňünden çaklaýjynyň pikirine görä, baky ömürlilik 2029-njy ýylda emeli aňyň Týuringiň synagyndan geçmegi, ýagny adamzadyň aň-düşünjesiniň derejesine ýetmegi netijesinde mümkin bolar. Týuringiň testi — bu maşynyň adamyň paýhasly özüni alyp barşyny gazanmagy ýa-da ondan bu babatda o diýen tapawutlanmazlygydyr.

Bu bolsa, nanorobotlary döretmäge hem-de adamlaryň garrylyk salynda öýjüklerini täzeden dikeltmäge mümkinçilik berer.

Kusrweýl şeýle-de 2045-nji ýylda adamzadyň akyl-düşünjesiniň emeli aň bilen utgaşyklylykda, milliardlarça esse güýçlenjekdigini çaklaýar.

1990-njy ýylda futurolog dünýäde iň güýçli küştçüniň kompýuterden ýeňiljekdigini çaklapdy, bu 1997-nji ýylda bolup geçdi, «Deep Blue» kompýuteri dünýäniň şol wagtky iň güýçli küştçüsini ýeňmegi başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň