Soňky habarlar

Arhiw

Şweýsariýada güýçli şemal iki otlyny agdardy

10:2101.04.2023
0
33646
Şweýsariýada güýçli şemal iki otlyny agdardy
Surat: vesti.ru

Şweýsariýada iki sany ýolagçy otlusy ýurduň dürli etraplarynyň ikisinde harasatly şemal sebäpli, demir ýol relslerinden agdaryldy diýip, «Vesti.ru» habar berýär.

Hadysa ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Bern ülkesinde boldy.

Deslapky maglumatlara görä, RBS kompaniýasyna degişli bolan otly Moskwa wagty bilen düýn 18:00-da Býuren-sum-Hofa diýen ýerde relslerden çykdy, şol wagt Bil kölüniň günorta kenaryndaky Lýuşers diýen ilatly ýeriň golaýynda «Aare Seeland» kompaniýasyna degişli ýene bir otly hem heläkçilige uçrady.

Heläkçilikleriň ikisinde-de ejir çekenler bar, olaryň sany habar berilmeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň