Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanda Aýgül atly güli gorap saklamakçy bolýarlar

11:5731.03.2023
0
34321
Gyrgyzystanda Aýgül atly güli gorap saklamakçy bolýarlar
Surat: turmush.kg

Gyrgyzystandaky «Aýgül -Too» goraghanasyny seýrek Aýgül atly güli goramak üçin üç ýyl möhlet bilen ýapmak kararyna geldiler diýip, «MIR 24» ýazýar.

Goraghana ýurduň Batken oblastynda ýerleşýär. Ol indi 2023-nji ýylyň 1-nji aprelinden 2026-njy ýylyň 1-nji apreline çenli ýapylar. Sebäbi Aýgül gülleri ýitip barýan ösümlik görnüşlerine degişli edildi we Gyzyl kitaba girizildi.

Boýy takmynan bir metre ýetýän aýgülüň uzyn baldaklary we açyk-mämişi gül ýapraklary bardyr.

Aýgül apreliň başyndan ortalaryna çenli ýylda iki hepde gül açýar. Ol güllände, ýerli ýaşaýjylar baýram edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň