Soňky habarlar

Arhiw

Bilýärdiňizmi: Mergen Orazow ― GDA-da milli ýygyndylaryň iň ýaş baş tälimçisi

14:3830.03.2023
0
34394

«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň žurnalistleri tarapyndan geçirilen seljerme futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazowyň GDA agza döwletleriň ýygyndylarynyň baş tälimçileriniň arasynda ýaşy boýunça iň kiçisidigini görkezdi.

1988-nji ýylda dünýä inen tälimçi häzir 34 ýaşynda. Ol sanawyň ikinji basgançagyndaky Ukrainanyň we Latwiýanyň milli ýygyndylarynyň baş tälimçilerinden hem 7 ýaş kiçi.

Has takygy, sanawyň ikinji basgançagynda ikisi hem şu ýyl 41 ýaşyny dolduran Ruslan Rotan (Ukraina) bilen Daýnis Kazakewiç (Latwiýa) bar. Gyrgyzystanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Aleksandr Krestinin bolsa 44 ýaşynda.

GDA agza döwletleriň futbol ýygyndylarynyň baş tälimçileriniň arasynda iň ýaşulysy 66 ýaşly Janni De Býazidir. Ol häzirki wagtda Azerbaýjanyň milli ýygyndysyna tälim berýär. Ermenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Aleksandr Petrakow ondan bir ýaş kiçi. Belarusyň ýygyndysyna tälim berýän Georgiý Kodratew şu ýyl 63 ýaşady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň