Soňky habarlar

Arhiw

«Pepsi» täze nyşany bilen tanyşdyrdy

19:0029.03.2023
0
27656

«Pepsi» kompaniyasy soňky 15 ýylyň içinde öz nyşanyny ilkinji gezek täzeledi, ony şu güýzde ABŞ-da we Kanadada, geljek ýyldan başlap dünýä bazarynda peýdalanyp başlarlar diýip, «USA Today» we CNN neşirlerine salgylanýan «Kapital.kz» ýazýar.

Täze nyşanda «PEPSI» sözi gara reňkli ýagly harplar bilen ýazylypdyr, ýazgy tolkun şekilli ak zolagyň üstünde, tegelegiň merkezinde ýerleşdirilip, onuň ýokary böleginde gyzyl, aşaky böleginde gök zolaklar bar.

Täze haryt nyşany XX asyryň ikinji ýarymynda ulanylan nyşany ýatladýar.

«PepsiCo» kompaniýasynyň baş bezegçisi Mauro Porçini täze nyşanyň önüme has uly güýç, ynamlylyk we batyrgaýlyk çaýýandygyny nygtady.

Kompaniýanyň ýolbaşçylary şeýle-de täze bezegiň «Pepsiniň» sap şekersiz düzümli içgileri öndürmek meýline yşarat edýändigini belleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň