«Jon Uik» filminiň ýene bir şahasy peýda bolar

14:3929.03.2023
0
28466
«Jon Uik» filminiň ýene bir şahasy peýda bolar
Surat: film.ru

«Jon Uik» filmler tapgyrynyň prodýuseri Erika Li onuň ýene bir şahasynyň (spin-off) boljakdygyny habar berdi diýip, «Collider» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

«Biziň surata almak isleýän ýene bir filmimiz bar, ol barada ýene bir-iki aýdan habar bereris. Soňra «Balerina 2», «Jon Uik 5» we beýleki taslamalar hem bolar diýip, çak edýäris» diýip, Li gürrüň berdi. Prodýuser öňdäki spin-offuň jikme-jikliklerini açmady.

Çaklama görä, öňdäki taslamada «Jon Uik» filminiň gahrymanlarynyň biri barada gürrüň berler.

Öň «Lionsgate» kinostudiýasynyň ýolbaşçysy Jo Dreýk «Jon Uigiň» spin-offunyň Ana de Armasyň baş keşbi janlandyrmagynda 2024-nji ýylyň ýazynda ýa tomsunda ekranlara çykjakdygyny habar beripdi. Ol şeýle-de baş keşbi döreden aktýor Kianu Riwz bilen hem hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini nygtady.

Mundan başga-da filmdäki esasy wakalaryň geçýän ýeri bolan myhmanhana barada gürrüň berýän adybir «Kontinental» serialy öňdäki güýzde ekrana çykar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň