Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze Arkadag şäherine bagyşlanan brifing geçirildi

10:3129.03.2023
0
27857

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze Arkadag şäherine, bu taslamanyň döwlet ähmiýetine we onuň durmuşa geçirilmeginiň halkara taraplaryna bagyşlanan brifing geçirildi diýip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Brifinge diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, daşary ýurt we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Brifingde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Arkadag şäherini gurmak baradaky çözgüdiň kabul edilmeginiň Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň aýdyň subutnamalarynyň biridigi nygtaldy. Täze şäher, Türkmenistanyň iň gadymy künjekleriniň birinde gurulýar. Gurluşygy 2019-njy ýylda başlanan Arkadag şäheri ýurduň iri ylym-bilim, medeni we halkara merkezine öwrüler.

Şäheriň gurluşygynda binagärligiň we şäher gurluşygynyň öňdebaryjy usullaryndan, «akylly» şäher konsepsiýasynyň kadalaryndan, şeýle hem «ýaşyl» tehnologiýalardan giňden peýdalanylýar.

24-nji martda bu şähere döwlet ähmiýetli şäher diýlen aýratyn hukuk statusyny berýän «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny çap edildi. Täze şäher bilen baglanyşykly beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary hem taýýarlanyldy we kabul edildi.

Şeýle hem Arkadag şäherine dürli halkara guramalaryň wekilleriniň: Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi guramasynyň, BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we beýleki ýöriteleşdirilen edaralaryň wekilleriniň baryp görendigi bellendi.

Şäheriň gurluşygynda ulanylan gurluşyk, binagärlik, logistik, tehnologik we dizaýn çözgütlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýokary baha berendikleri nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň