Arkadag şäherinde täze muzeýiň ekspozisiýasyny jemlemek boýunça işler alnyp barylýar

10:3827.03.2023
0
31787

Arkadag şäheriniň täze muzeýiniň ekspozisiýasyny jemlemek boýunça işler alnyp barylýar we onda milli mirasymyzyň taryhy-arheologik gymmatlyklary giňden görkeziler diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Muzeýiň taryhy-arheologiki ekspozisiýasyny taýýarlamaga Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary, Marynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň we ýurdumyzyň beýleki muzeýleriniň hünärmenleri, 2006-njy ýyldan bäri «Medeni gymmatlyklary dikeltmek» kafedrasy hereket edýän Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşýarlar.

Habar berilmegine görä, muzeýiň gorlary ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň ähli döwürlerini görkezer we olaryň hatarynda gadymyýetiň, bürünç we demir asyrlarynyň, neolit we eneolit eýýamlarynyň, orta asyrlaryň we beýleki döwürleriň belli ýadygärlikleri bar.

Bu ýadygärlikleriň hataryna şu aşakdakylar degişli:

  • ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Nusaý galalary;
  • Günorta Türkmenistanda eneolit eýýamynyň iň uly ýadygärligi -- Namazga-depe;
  • özboluşly arheologik tapyndylar, hususan-da, maňlaýyna pöwrizeden orak şekili salnan öküziň altyn kellesi tapylan bürünç eýýamynyň, neolit we eneolit döwrüniň medeni gatlaklary bolan Altyndepe;
  • iki reňkli nagyşly keramika önümleri we köp sanly terrakota zenan heýkeljikleri bilen tanalýan Göksüýridepe;
  • şeýle hem Garadepe, Ulugdepe, Köne Sarahs, Abiwerd we beýleki ýadygärlikler.

Ýeri gelende bellesek, täze Arkadag şäheri kanuny taýdan döwlet ähmiýetli şäher diýlen aýratyn hukuk ýagdaýyna eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň