Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» 2 gol urandygyna garamazdan, ýoldaşlyk duşuşygynda «Uraldan» ýeňildi

10:0727.03.2023
2
28661

Ýekşenbe güni Türkmenistanyň «Altyn asyr» futbol topary «Ural» rus kluby bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Dubaý şäherindäki «Al-Jebel» stadionynda geçirilen oýun 3:2 hasabynda Ýekäterinburg şäherine wekilçilik edýän toparyň peýdasyna tamamlandy.

Maglumat üçin, «Ural» futbol kluby Russiýanyň baý taryha eýe öňdebaryjy toparlarynyň biri bolup, 1930-njy ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda bu klub Russiýanyň premýer-ligasynda 10 tapgyrdan soňra 10-njy ýerde barýar.

Ýeri gelende bellesek, «Altyn asyryň» häzirki wagtda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirýän türgenlişik ýygnanyşygy 31-nji marta çenli dowam eder.

2022-nji ýylda «Altyn asyryň» futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda ikinji orny eýeländigini hem-de Türkmenistanyň Superkubogyna eýe çykandygyny ýatladýarys. Şeýlelikde, topar bu ýyl Aziýanyň toparlarynyň arasyndaky ikinji derejeli ýaryş bolan — AFK Kubogynda Türkmenistana wekilçilik eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň