Türkmenistan bilen Eýranyň serhedindäki ýolagçy terminaly ýene-de öz işine başlady.
3 ýyl mundan ozal pandemiýa zerarly işini togtadan türkmen-eýran serhedindäki Bajgyran ýolagçy terminaly gaýtadan öz işine başlady.
Bu barada Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň ýol we ulag departmentiniň direktory Jafar Şahamatyň sözlerine salgylanyp, IRNA habar berýär.
«Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky pandemiýadan ozalky döwürde bolşy ýaly, bilelikdäki serhetde ýolagçylara hyzmat etmek baradaky şertnama esasynda terminal gaýtadan öz işine başlady» diýip, Jafar Şahamat belleýär.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky serhediniň uzynlygy 1,150 kilometr töweregi bolup, Eýranyň Golestan (Inçburun), Horasan-Rezawi (Sarahs, Lutfabad we Bajgyran) welaýatyndaky barlag-geçiriş nokatlary hereket edýär.
Bajgyran Aşgabat şäherine ýerleşýän barlag-geçiriş nokady bolup, ol pandemiýa döwründe diňe diplomatlara hyzmat etdi. Häzirki wagtda bu terminal ýük ulaglary we ýolagçylar üçin hem hyzmat edip başlady.