Mesut Özil futbol bilen hoşlaşdy

13:5424.03.2023
0
23441

Germaniýanyň milli ýygyndysynyň ozalky futbolçysy, asly türk Mesut Özil futbol bilen hoşlaşdy. Ol 34 ýaşynda professional futbol bilen hoşlaşmak babatda karar kabul etdi.

– Oýlanyşykly pikirlenip, professional futboly taşlamak kararyna geldi. Maňa 17 ýyl professional derejede futbolçy bolmak bagty miýesser etdi. Men bu mümkinçilik üçin hoşaldyryn. Soňky hepdelerde we aýlarda ähli zatlaryň üstüne birnäçe şikesleriň hem bolmagy bilen uly futboly taşlamaga wagt gelendigi aýan boldy.

Men özümiň futbol oýnan toparlaryma – «Şalke», «Werder», «Real», «Arsenal», «Fenerbahçe» we «Medipol Başakşehir» toparlaryna we tälimçilerine, şol sanda futbolçy ýoldaşlaryma öz minnetdarlygymy bildirýärin – diýip, belledi.

Mesut futbol ýoluna «Şalke» toparynda başlady we soňra «Werder» toparyna geçdi. Soňra ol Ispaniýanyň şa kluby «Real Madrid» toparynda oýnady. Angliýanyň «Arsenal» toparyndan soňra Türkiýeniň çempionatyna goşuldy. Bu ýerde «Fenerbahçe» we «Medipol Başakşehir» toparlarynda oýnady.

Özil «Werder» bilen Germaniýanyň kubogyny gazandy. «Real» bilen Ispaniýanyň çempiony, ýurduň Kubogynyň we Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy. «Arsenal» toparynda oýnan döwründe 3 gezekden ýurduň Kubogyny we Naýbaşy kubogyny gazandy.

Ol Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 92 duşuşykda 23 gezek tapňawutlandy we 2014-nji ýylda dünýä çempiony bolup, 2014-nji ýylda dünýä çempionatynda bürünç medalyň eýesi boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň