Soňky habarlar

Arhiw

Meksikada şa-kebelekleriň sany 22 göterim azaldy

09:4024.03.2023
0
31394
Meksikada şa-kebelekleriň sany 22 göterim azaldy
Surat: techinsider.ru

Meksikada şa-kebelekler diýlen görnüşiň sany bir ýylda 22 göterim azaldy diýip, «Habar 24» ýazýar.

Bu görnüşi ýitip ýok bolmak abanýan mör-möjekleriň sanawyna girizdiler. Onuň migrasiýasyna guraklyk, ýowuz howa şertleridir ýaşaýyş mekanlarynyň ýitirilmegi täsir edýär. Olaryň gonýan ösümliklerine pestisidlerdir gerbisidleriň ulanylmagy zyýan ýetirýär.

Sebitde häzir howanyň gyzmagy hem hasaba alyndy.

Her ýyl kebelekleriň bu görnüşi gyşlamak üçin Kanadadan we ABŞ-nyň gündogaryndan Meksika gelýärler. Olar munuň üçin 5 müň kilometr ýol geçmeli bolýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň