Öýlenjek ýigit toýa gelmek üçin gije 30 kilometr ýol geçmeli boldy

17:3623.03.2023
0
39350
Öýlenjek ýigit toýa gelmek üçin gije 30 kilometr ýol geçmeli boldy
Surat: meria.kg

Öýlenjek ýigit we onuň dogan-garyndaşlary bir şäherden beýleki şähere— gyz tarapda tutuljak toýa pyýada barmaly boldy. Muňa jemgyýetçilik ulagynyň sürüjileriniň iş taşlaýyşlar sebäp boldy. Netijede, olar bir gijede 28 kilometri pyýada sökmeli boldular diýip, Hindistanyň NDTV teleýaýlymyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Waka Hindistanda boldy. Toýa ýetişmek üçin öýlenýän ýigitdir onuň ýakynlary Kalýansinghpur etrabynyň Sunakhandi ilatly ýerinden Dibalapadu obasyna, durmuşa çykýan gyzyň öýlerine paý-pyýada gelmeli boldy. Her niçigem bolsa, olar dabara wagtynda ýetişdiler.

Toýdan soňra ýigitdir dogan-garyndaşlary yzlaryna pyýada gitmezlik üçin gelinligiň öýlerinde galdylar. Olar sürüjiler iş taşlaýşy bes edýänçäler garaşmak kararyna geldiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň