Türkmenistan bilen IAEA hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitleýär

14:2422.03.2023
0
34770

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (IAEA) Baş sekretary M.Gross bilen duşuşdy.

20-nji martda geçirilen duşuşyk Wene şäherindäki Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň edara binasynda geçirildi. Onda taraplar özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alyşdylar hem-de hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine oňyn baha berdiler. Söhbetdeşlikde, şeýle hem IAEA tarapyndan dolandyrylýan halkara resminamalaryň ähmiýetine üns berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda saglygy goraýyş, azyk howpsuzlygy we oba hojalygy ýaly pudaklarda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň