Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mergen Orazow aglabasy «Ahalyň» oýunçylaryndan ybarat milli ýygyndy bilen Malaýziýa gitdi

16:0921.03.2023
0
34996

Şu gün Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Malaýziýanyň ýygyndysy bilen 23-nji martda boljak ýoldaşlyk duşuşygy üçin Johor şäherine ugrady.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, baş tälimçi Mergen Orazow bu ýoldaşlyk duşuşygy üçin 24 futbolçyny düzüme çagyrdy. Olaryň ikisi derwezeçidir. Şeýle hem düzümde legioner futbolçylaryň diňe biri ― Gonkongyň «Kitçisiniň» ýarym goragçysy Ruslan Mingazow bar.

Futbolçylaryň 12-si «Ahala», 7-si «Altyn asyra», 2-si «Köpetdaga» biri «Şagadama» wekilçilik edýär. Bir futbolçynyň bolsa heniz topary belli däl.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň halkara ýoldaşlyk duşuşygyna hem-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşýan oýunçylarynyň sanawy:

Familiýasy we ady

Topary

Çaryýew Rasul (d)

«Altyn asyr»

Garaýew Gurbanmyrat (d)

«Şagadam»

Hojowow Hoşgeldi

«Altyn asyr»

Söýünow Şöhrat

«Ahal»

Bäşimow Abdy

«Ahal»

Geldiýew Ata

«Ahal»

Mämmedow Ybraýym

«Ahal»

Magsatow Ýakup

«Köpetdag»

Saparow Mekan

«Altyn asyr»

Beknazarow Mirza

Tamurkin Ilýa

«Ahal»

Hojaýew Resul

«Ahal»

Ataýew Ahmet

«Altyn asyr»

Annaýew Myrat

«Altyn asyr»

Saparmämmedow Yhlas

«Altyn asyr»

Durdyýew Didar

«Altyn asyr»

Amanow Arslanmyrat

«Ahal»

Tagaýew Elman

«Ahal»

Diniýew Meýlis

«Ahal»

Annadurdyýew Altymyrat

«Ahal»

Akmämmedow Begenç

«Köpetdag»

Sapargulyýew Arzuwguly

«Ahal»

Tirkişow Şanazar

«Ahal»

Mingazow Ruslan

«Kitçi» (Hytaý Gonkongy)

Orazow Mergen

baş tälimçi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň