Soňky habarlar

Arhiw

Dohada 7 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi

15:2420.03.2023
2
50263
Şu gün Dohada Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda geçirilen ýokary derejeli türkmen-katar gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.
Umuman, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Katara döwlet saparynyň çäklerinde 7 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak çygrynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Diplomatik, gulluk we ýörite pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen Katar Döwletiniň Döwlet prokuraturasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Katar Döwletiniň Zähmet ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 2023-2024-nji ýyllar üçin sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Katar Döwletiniň Medeniýet we sport ministrliginiň arasynda Maksatnama bar.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň