Soňky habarlar

Arhiw

Ekwadordaky ýer yranmasynda 450 adam ejir çekdi

15:1120.03.2023
0
32295
Ekwadordaky ýer yranmasynda 450 adam ejir çekdi
Surat: edition.cnn.com

Ekwadorda bolan güýçli ýer yranmasynda azyndan 15 adam pida boldy, ejir çekenleriň sany 446 adama golaýlady diýip, Ekwadoryň Prezidenti Gilýermo Lassonyň metbugat gullugy habar berdi. Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Güýji 6,9 bal bolan ýerasty sarsgynlar bu Latyn Amerikasy ýurduny siltedi. Öýleriň 180-sine zeper ýetdi, 84-si ýykyldy, şeýle-de saglygy goraýyş edaralarynyň 33-sine zeper ýetdi, bäş köpri ýumruldy. Adamlar gorkup, binalardan gaçyp çykdylar.

Köp gatly jaýlar sanaýmaly sekuntlarda ýumruldy. Ýurduň iri Guýakilýu şäheri tebigy betbagtçylykdan has köp ejir çeken ýer boldy. Şenbeden ýekşenbä geçilýän agşam bolansoň, seýilgähler, muzeýler we söwda merkezleri köp adamlydy. Ýerasty sarsgynlary duýan dessine adamlar köçä ylgadylar. Ýüzlerçe öýler, mekdeplerdir hassahanalar haraba döndi. Ýer yranmasy ýurduň ülkeleriniň 24-sinden 13-sinde duýuldy.

Ýerli teleýaýlymlaryň biriniň tomaşaçylary ýer yranmasynyň göni ýaýlymda şaýady boldular. Güýçli sarsgynlar sebäpli göni ýaýlymyň alypbaryjylary studiýany terk etmeli boldular.

Puerto-Boliwar port şäherinde öýler suwa ýykyldy, adamlaryň köpüsi hatda köçä gaçybam ýetişmedi.

El-Oro ülkesinde muzeýiň pürs sütünleri ýykylyp, suwa gaçdy, kenarýakada ýerleşýän muzeýdäki gymmatlyklaryň köpüsi Ýuwaş ummana gark boldy. Ýerli ýaşaýjylar olary gaýyklarda halas etmekçi boldular.

Häzir Ekwadorda harabalary saýhallaýarlar, heläk bolanlaryň we ejir çekenleriň sany ýene köpelip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň