Soňky habarlar

Arhiw

«Barselona» «el-klassikoda» «Realy» kynçylyk bilen utdy

09:1720.03.2023
0
19790

«Barselona» Ispaniýanyň çempionatynyň 26-njy tapgyrynda «Realy» kynçylyk bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Barselona şäherindäki «Kamp Nou» stadionynda geçirilen oýun 2:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Duşuşygyň 9-njy minutynda kataloniýalylaryň goragçysy Ronald Arauho öz awtogoly bilen «Realy» hasapda öňe çykardy. Ýer eýeleri 45-nji minutda Serji Robertonyň goly bilen hasaby deňlediler. 92-nji minutda Frank Kessi tarapyndan urlan gol bolsa «Barselonanyň» ýeňşini kepillendirdi.

Ýeri gelende bellesek, bu oýun «Real» bilen «Barselonanyň» arasynda geçirilen şu möwsümdäki dördünji gapma-garşylyk boldy. Mundan ozal «Real» La Liganyň 9-njy tapgyrynda «Barselonany» ýeňen bolsa, katalon kluby Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda we Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym final tapgyrynyň deslapky oýnunda «Realdan» üstün çykdy.

Häzirki wagtda «Barselona» 68 utuk bilen La Liganyň turnir tablisasynda liderlik edýär. Ikinji ýerdäki «Realyň» hasabynda bolsa 56 utuk bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň