«Baýer» Germaniýanyň çempionatynyň 25-nji tapgyrynda «Bawariýany» ýeňlişe sezewar etdi.
Lewerkuzen şäherinde geçirilen oýun 2:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.
«Baýere» ýeňiş getiren gollaryň ikisini hem argentinaly hüjümçi Esekiel Palasios penaltiden derwezä gönükdirdi. Myhmanlaryň düzüminde Ýozua Kimmih tapawutlandy.
Häzirki wagtda «Bawariýa» 52 utuk bilen turnir tablisasynda ikinji ýerde, «Baýer» bolsa 37 utuk bilen sekizinji orunda barýar.
Ýeri gelende bellesek, hüjümçi Serdar Azmun bu oýunda «Baýeriň» esasy düzümine girizilmedi. Eýranly türkmen asylly oýunçy ätiýaçda galdyryldy. Azmun bundesliganyň şu möwsüminde 14 oýunda meýdança çykyp, öz adyna 2 gol ýazdyrdy.