Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýede çabga güýçli sil joşmalaryny döretdi

10:2516.03.2023
0
22694

Türkiýäniň Şanlyurfa sebitinde güýçli çabga ýagmagy netijesinde sil joşmalary döredi diýip, «Habertürk» neşirine salgylanýan «Belta.by» ýazýar.

Şanlyurfanyň gubernatory Salih Aýhan tebigy hadysanyň netijesinde dört adamyň gurban bolandygyny, dereksiz ýitenleriň hem bardygyny habar berdi.

Hassahanalary, kärhanalary, jemgyýetçilik edaralaryny, ýaşaýyş öýlerini suw basdy. Köçe hereketi bozuldy, ulaglaryň sil sürüp äkidenleri-de bar. Käbir köçeler derýany ýatlatdy. Mekdeplerde sapaklary bir günlük saklamaly boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň