Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda halkara forum geçirildi

20:5315.03.2023
0
60852

Şu gün Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda «Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda ýaş alymlaryň ylmy gadamlary» atly talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň halkara forumy geçirildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen foruma dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan iri ylmy merkezleriň, ýokary okuw mekdepleriň, ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň umumy mejlisinde Türkmenistanyň bilim ulgamynyň ýolbaşçylary bilen birlikde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy, Bilimde maglumat tehnologiýalary boýunça ÝUNESKO institutynyň direktory, Russiýa Federasiýasynyň M.F.Reşetnew adyndaky Sibir döwlet uniwersitetiniň hem-de Belarus döwlet aragatnaşyk akademiýasynyň prorektorlary, Türkiýäniň Alaniýa uniwersitetiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tomsk radioelektronika we dolandyryş ulgamlary uniwersitetiniň professorlary, Germaniýanyň Swikau amaly ylymlar uniwersitetiniň ylmy işgäri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaş alymlary çykyş etdiler.

Çykyş edenler sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmakda Türkmenistanyň alyp barýan işleriniň ýokary derejededigini bellemek bilen, bu ugurda ýaşlaryň täzeçil işläp taýýarlamalarynyň, ylmy barlaglarynyň möhüm ornunyň bardygyny nygtadylar.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň innowasion taslamalarynyň sergi bäsleşigi geçirildi. Onuň dowamynda ýaş alymlaryň sanly ykdysadyýet, maglumat tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk we programma üpjünçilikleri işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetiren taslamalarynyňdyr işleriniň sergisi hem guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň