Soňky habarlar

Arhiw

Gurtly ýaşaýyş toplumynda desgalary gurmak üçin bäsleşik yglan edildi

09:2013.03.2023
0
33873

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Gurtly ýaşaýyş toplumynda binalary we desgalary gurmak üçin bäsleşik yglan edýär. Bu baradaky bildiriş «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi. Bildirişde beýan edilişi ýaly, bäsleşik şu aşakdaky binalary we desgalary gurmak üçin yglan edilýär.

Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda:

  • TIP 1-1 — 4 sany 4 gatly, 68 öýli we 2 sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýyny;
  • TIP 1-2 — 4 sany 4 gatly, 68 öýli we 2 sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýyny;
  • TIP 1-3 — 4 sany 4 gatly, 68 öýli we 2 sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýyny;
  • TIP 1-4 — 4 sany 4 gatly, 68 öýli we 2 sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýyny;
  • TIP 2-1 — 4 sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýyny;
  • TIP 2-2 — 4 sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýyny;
  • TIP 2-3 — 4 sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýyny;
  • TIP 3 — 6 sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýyny;
  • TIP 4 — 4 sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýyny;
  • 720 orunlyk orta mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň binalaryny, seýilgähi, ýaşaýyş toplumynyň içerki awtomobil ýollaryny, daşarky eltiji we içerki agyz suw hem-de lagym geçiriji ulgamlaryny.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmagynda:

  • söwda we dynç alyş merkezini;
  • TIP 1-1 — 1 sany 2 gatly;
  • TIP 1-2 — 1 sany 2 gatly;
  • TIP 1-3 — 1 sany 2 gatly;
  • TIP 1-4 — 1 sany 2 gatly;
  • TIP 2-1 — 1 sany 2 gatly;
  • TIP 2-2 — 1 sany 2 gatly;
  • TIP 2-3 — 1 sany 2 gatly söwda we hyzmat öýlerini.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 25-nji apreline çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň