Daniýaly arheologlar Kopengagende gadymy skandinaw hudaýy Odin barada ýatlanylýan iň gadymy tapyndyny ele saldylar.
Alymlaryň pikirine görä, runa ýazgysy biziň eýýamymyzyň V asyrynyň başy bilen senelenýär. Bu ýurduň taryhynda tapylan iň uly altyn hazynadyr. Artefakty altyn şaýylyk puluň ýüzünden tapdylar. Şeýle pul Demirgazyk Ýewropanyň ýurtlarynda halklaryň beýik göçhä-göçlügi eýýamynda giňden ýaýrapdyr.
Öň şeýle tapyndy Germaniýanyň günortasynda hem tapylypdy. Ol VI asyryň ikinji ýarymy bilen senelenýän gülýakanyň ýüzünde tapyldy diýip, «Habar 24» ýazýar.
