Soňky habarlar

Arhiw

«Coddy» programmirleme mekdebi çagalaryň ýazky dynç alyş möwsümini guraýar

11:0011.03.2023
0
27500

«Iş nokady» kompaniýasy we «Coddy» halkara programmirleme mekdebi 8 — 13 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylaryny ýazky öwrediji dynç alyş möwsümine gatnaşmaga çagyrýar.

Ýazky öwrediji dynç alyş möwsümi mekdep okuwçylary üçin mekdepden berilýän dynç günlerini peýdaly zatlara — täze bilimleri özleşdirmäge, täze dostlary hem-de pikirdeşleri tapmaga, programmirleme başarnyklaryny ösdürmäge we ony tejribede berkitmäge giňden mümkinçilik berýän çäredir.

Ýazky öwrediji dynç alyş möwsümi 21-nji martdan 28-nji marta çenli (dynç günlerini hasaba almazdan) dowam edýär. Okuwlar her gün sagat 10:00-dan 14:00-a çenli aralykda geçirilýär. Okuwlara 8 ýaşdan 13 ýaşa çenli aralykdaky çagalar çagyrylýar.

Okuw sapaklary arakesme we günortanlyk bilen birlikde 2,5 sagat dowam eder.

Okuwlaryň maksatnamasy:

  • 21-22-nji mart. «Minecraft Education»-da modlary döretmek;
  • 23-24-nji mart. «Roblox» oýun dünýäsi;
  • 27-28-nji mart. Grafik dizaýny öwrenmek bilen öz hususy stikerleriňi işläp düzmek.

Her günki okuwlardan soň, gatnaşyjylara gyzykly interaktiw garaşýar.

Dynç alyş möwsümine gatnamagyň bahasy — 1000 manat (günortanlyk nahar hem tölegiň içinde). Möwsüme ýazylmak ýa-da maslahat almak üçin şu salgylanmadaky formany dolduryp, ýa bolmasa-da (+993 63) 42 67 51, (+993 63) 47 11 92 telefon belgilerine jaň edip ýüz tutup bilersiňiz.

Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., «Berkarar» işewürlik merkeziniň 1-nji gaty, «Iş nokady» kompaniýasynyň ofisi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň