Soňky habarlar

Arhiw

«Bellator 292»: Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazandy

10:0111.03.2023
0
85600

Aşgabat wagty şu gün irden ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Hose şäherindäki «SAP-Center» arenasynda «Bellator 292» söweş agşamynyň çäginde turkmenistanly Döwletjan Ýagşymyradow litwaly Julius Englikas bilen tutluşdy.

Birnäçe minut ozal tamamlanan tutluşykda Döwletjan Ýagşymyradow eminleriň biragyzdan çykaran kararlaryna görä ýeňiji boldy.

Döwletjan tutluşygyň dowamynda üç gezek «teýk daun» (take down) emelini netijeli ulandy. Türkmenistanly türgen tutluşygyň tutuş dowamynda hem parterde, hem aýak üstünde garşydaşyndan rüstem hereket etdi. Şeýlelikde, eminler biragyzdan Döwletjanyň ýeňşini ykrar etdiler.

Ýeri gelende bellesek, bu ýeňiş Döwletjan Ýagşymyradow üçin «Bellator» promouşeninde gazanylan ikinji üstünlikdir. Ol bu promouşende jemi 4 tutluşyk geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň