Top.Mail.Ru

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary «Turkmenportalda» myhmançylykda boldular

12:3809.03.2023
0
35436

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy hünäriniň talyplary bilen «Turkmenportal» web-saýtynyň döredijilik topary bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda talyp ýaşlar web-saýtyň habarlar bölüminde bolup, bu ýerde türkmen, rus we iňlis dillerinde taýýarlanýan habarlar, olaryň taýýarlanyşyly, maglumatlaryň toplanyşy bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu bölümde Resul Döwletmyradow bilen Georgiý Aslanýan geljekki žurnalstlere Türkmenistanda häzirki wagtda sanly ulgamy ösdürmek ugrundaky alnyp barylýan işler, şeýle-de ýurduň çäginde web-saýtlaryň döredijilikli işlemegine döredilýän mümkinçilikler bilen, şol sanda habar taýýarlanylanda, şeýle-de maglumat alnanda üns berilmeli düzgünler bilen tanyşdyrdylar.

Mundan başga-da, talyp ýaşlar «Turkmenportal» web-saýtynyň media bölüminde hem bolup, bu ýerde taýýarlanýan gepleşikler bilen tanyşdylar. Aýratyn-da talyplar medeni bölüminde «Günüň habarlary» gepleşiginiň türkmen we rus dillerindäki sanlarynyň ýazgy edilýän pursatlary we gepleşikleriň timarlaýyş işleri bilen tanyşdylar. Şeýle-de talyplar media bölüminde ýakynda ýola goýlan «Durmuş duralgasy» atly gepleşiginiň Myrat Mollaýew bilen ýazgy edilen sanynyň timarlaýyş işleri bilen hem tanyşdylar. Olar özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna hünärmenler tarapyndan jogap aldylar.

«Turkmenportal» web-saýtynyň media bölüminiň bölüm müdiri Pälwan Geldiýew bu bölümde taýýarlanýan gepleşikler, şeýle-de zähmet çekýän işgärler bilen tanyşdyrdy. Hünärmen Pälwan Geldiýew her bir gepleşik ýazgy edilende ulanylýan enjamlar, olaryň ýerine ýetirýän hyzmatlary barada hem talyp ýaşlara gürrüň berdi. Hünärmenleriň öz işleri baradaky berýän gürrüňleri talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň