Süleýman Muhadow «Hujanddaky» ilkinji resmi duşuşygynda ýeňiş gazandy

21:4908.03.2023
0
15420

«Hujand» futbol topary Täjigistanyň futbol ligasynyň kubogynyň 1-nji tapgyrynda «Faýzkanddan» üstün çykdy. Bu duşuşyk türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadowyň hem «Hujanddaky» ilkinji resmi duşuşygy boldy.

Gülüstan şäherindäki «Baharystan-2» stadionynda geçirilen duşuşykda «Hujand» 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykdaky ýeke-täk goly Jahongir Ergaşew öz adyna ýazdyrdy. Ol duşuşygyň 43-nji minudynda tapawutlandy.

Täze möwsümiň öňüsyrasynda geçirilýän ýaryşy Täjigistanyň Milli bankynyň okuw merkeziniň futbol meýdany we «Baharystan» şypahanasynyň stadiony kabul edýär. Geçirilen bije çekişligiň netijesinde ýaryşa gatnaşýan 10 topar üç toparça bölündi. Ýaryşda «A» toparça «Faýzkand», «Kuktoş», «Hujand» we SSKA, «B» toparça «Eshata», «Hosilot» we «Istiklol», «W» toparça bolsa «Rawşan», «Regar-TadAZ» we «Hatlon» toparlary wekilçilik edýär.

Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynyň duşuşyklary bir aýlawdan ybarat bolar. Öz toparçalarynda birinji orny eýelän üç toparyň iň gowy netije görkezen ikisi finala çykar, üçünji toparçanyň ýeňijisi bilen ikinji orny eýelänleriň iň gowusy bolsa üçünji orun ugrunda duşuşyk geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň