Soňky habarlar

Arhiw

«Soçi» Berdiýewiň tälimçiliginde ilkinji resmi oýnunda ýeňiş gazandy

09:2806.03.2023
0
21169

«Soçi» Russiýanyň premýer-ligasynyň 18-nji tapgyrynda öz meýdanynda «SSKA» toparyny ýeňlişe sezewar etdi.

Duşuşyk 2:0 hasabynda Berdiýewiň şägirtleriniň peýdasyna tamamlandy. «Soçiniň» gollarynyň ikisi hem çernogoriýaly hüjümçi Luka Jorjewiç tarapyndan geçirildi.

Ýeri gelende bellesek, bu duşuşyk Gurban Berdiýew üçin «Soçiniň» baş tälimçisi hökmündäki ilkinji oýun boldy.

«Soçi» indiki tapgyrda öz öýünde «Orenburg» bilen güýç synanyşar. «SSKA» bolsa indiki tapgyrda «Krylýa Sowetow» toparyny myhman alar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň