Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýew «Soçi» bilen RPL-däki ilkinji duşuşygyna çykýar

10:4005.03.2023
0
17779

Russiýanyň futbol çempionatynyň 18-nji tapgyrynda «Soçi» topary «Fişt» stadionynda SSKA-ny kabul eder.

Bu duşuşyk türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň täze topary bilen RPL-däki ilkinji resmi oýny bolar.

Gurban Berdiýewiň topary geçen gyşda kabul edip alandygyny ýatladýarys.

Soçililer okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndan 25-nji fewralda gaýdyp geldiler. Türgenleşikleriň ahyrky tapgyry Türkiýäniň Belek şäherçesinde boldy. Topar dört ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip, şolaryň ählisinde ýeňiş gazandy.

Möwsümiň birinji aýlawyndan soňra «Soçi» 17 duşuşykda toplan 25 utugy bilen dokuzynjy orny eýeleýär. SSKA bolsa ýaryş tertibiniň bäşinji basgançagynda.

Aşgabat wagty bilen şu gün agşam sagat 21:30-da başlanjak duşuşyk «Matç Premýer» ýaýlymyndan göni ýaýlymda alnyp görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň