Soňky habarlar

Arhiw

«China Southern Airlines» Urumçi bilen Aşgabadyň arasynda uçuşlara täzeden başlaýar

22:2503.03.2023
0
44315
«China Southern Airlines» Urumçi bilen Aşgabadyň arasynda uçuşlara täzeden başlaýar

Hytaýyň «China Southern Airlines» awiakompaniýasy Urumçi bilen Aşgabadyň arasynda göni yzygiderli howa gatnawlary gaýtadan ýola goýýar. Ilkinji ýolagçy gatnawy 2023-nji ýylyň 28-nji martynda meýilleşdirilýär.

Uçuşlaryň hepdede bir gezek, sişenbe güni «Boeing 737-800» uçarlarynda amala aşyrylmagyna garaşylýar. Degişli ugur boýunça petekler awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda satuwa çykaryldy.

«CZ6015» uçuşy sişenbe güni Pekin wagty bilen sagat 22:20-de Urumçiden (URC) ugrar we ýerli wagt bilen 23:30 töweregi Aşgabat şäherine (ASB) geler. Yzyna gaýdyş ýerli wagt bilen sagat 01:00-da Aşgabatdan ugrar we Pekin wagty bilen 07:35-de Urumçi şäherine baryp ýeter.

«China Southern Airlines» koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň başynda Türkmenistana amala aşyrýan gatnawlaryny togtadypdy. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 2023-nji ýylyň 19-njy martyndan başlap, Aşgabat — Pekin — Aşgabat ugurlarynda yzygiderli howa gatnawlaryny dowam etdirmegine garaşylýar.

«China Southern Airlines»-iň esasy merkezi Hytaýyň Guançžou şäherinde ýerleşýär.

«China Southern Airlines»-iň uçuşlary üçin petekleri www.csair.com internet sahypasynda we iOS programmalary arkaly satyn alyp bilersiňiz. Awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin petekleri kompaniýanyň Aşgabatdaky wekilhanasyndan hem şu salgy boýunça alyp bilersiňiz:

Magtymguly şaýoly 141/1, «Ak altyn» myhmanhanasy, 206.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +9931236399.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň