Soňky habarlar

Arhiw

«Talyp gözeli — 2023» atly bäsleşigiň ýeňijisi yglan edildi

21:1303.03.2023
0
59149

Şu gün Aşgabat şäherindäki «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde 8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli — 2023» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolmagy başaran talyp gyzlaryň 21-si gatnaşdy.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşýan talyp gözeller birinji şert boýunça türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle-de özleriniň sungata, döredijilige bolan ukyplaryny aýdymdyr goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen açyp görkezdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» kitabyndan ugur alyp, talyp gözeller bäsleşigiň ikinji şertine laýyklykda, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler.

Gözellik bäsleşiginiň üçünji şerti «Hünärim bar — hormatym bar» diýlip atlandyrylyp, talyp gözeller bäsleşigiň bu şertinde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmeniň keşdeçilik sungatyndan söz açyp, özleriniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezdiler.

Çekeleşikli hem-de gyzykly geçen bäsleşiginiň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijesine görä, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby Güneş Maksadowa baş baýraga, ýagny «Ýylyň talyp gözeli — 2023» ada mynasyp bolmagy başardy. Mundan başga-da, gözellik bäsleşiginde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 5-nji ýyl talyby Güljahan Bazarowa birinji, Türkmen döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby Gülşat Gurbangylyjowa, şeýle-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Azatgül Baýramgeldiýewa ikinji, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby Jahan Gurbandurdyýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Bägül Sapardurdyýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Akjemal Agajumaýewa dagy üçünji orna mynasyp bolmagy başardylar.

Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen «Talyp gözeli — 2023» atly gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan talyp gyzlara guramaçylar tarapyndan Diplomlardyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň