Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Bakuwda Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy

19:2202.03.2023
0
50816
Serdar Berdimuhamedow Bakuwda Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy
Surat: president.uz

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Baku şäherinde geçirilen COVID-19 bilen göreşmek boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşdy. Sammitden soňra Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew duşuşygyň dowamynda sammitde öňe sürlen teklipler, şeýle-de söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we energetika pudaklarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak barada pikir alyşdylar. Gepleşikleriň barşynda taraplar başga-da birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň