Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň gündogarynda güýçli ýertitreme boldy

09:5828.02.2023
0
37401

Türkiýäniň gündogaryndaky Malatýa ülkesinde güýçli ýer titredi. Onuň magnitudasy 5,8 bala deň boldy diýip, Ýewropanyň ortaýer deňzi seýsmologik merkezi habar berdi. Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Seýsmiki hadysanyň ojagy Malatýa ülkesiniň Ýeşilýurt uezdinde, 6,9 kilometr çuňlukda ýerleşdi. Ýer yranmasy Moskwa wagty bilen sagat 12:04-de boldy.

Malatýada bolan ýertitremede bir adam pida boldy, 69 adam şikes aldy, ýigrimiden gowrak bina zeper ýetdi.

Bu barada Türkiýäniň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Baş edarasynyň başlygy Ýunus Sezer metbugat brifinginde habar berdi.

Ýeşilýurt şäheriniň häkimi Mehmet Çinaryň sözlerine görä, dört gatly öýleriň biriniň harabasynyň aşagynda adamlaryň bolmagy mümkin, häzir olary gözlemek işleri dowam edýär.

Töwekgelçilikleri azaltmak boýunça edaranyň maglumatlaryna laýyklykda, birinji güýçli ýertitremeden bäri geçen üç hepdäniň içinde Türkiýede 10,2 müň sany gaýtalanan ýerasty sarsgynlar hasaba alyndy diýip, TASS habar berýär.

Mundan öň duşenbede Gyrgyzystanyň Gazagystan bilen serhedinde, HHR-iň Sinzýan-Uýgur awtonom okrugynda, şeýle-de Indoneziýada ýertitreme hasaba alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň