Soňky habarlar

Arhiw

24 — 26-njy fewral aralygynda Aşgabat şäherindäki teatrlarda sahna eserleriniň birnäçesi görkeziler

13:2023.02.2023
0
50688

24-nji fewraldan 26-njy fewral aralygynda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin sahna eserleriniň birnäçesi görkeziler. Görkeziljek sahna eserleriniň sanawyna Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda «Hoşlaşasym gelenok» atly sahna eseri ilkinji gezek görkeziler. Mundan başga-da Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary saparda bolup, özleriniň taýýarlan sahna eserlerini tomaşaçylara görkezerler. Şu hepdäniň ikinji ýarymynda görkeziljek sahna eserleri şulardan ybarat;

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

  • 24-nji fewral: «Hindi rowaýaty» 19:00;
  • 25-nji fewral: «Hoşlaşasym gelenok» (Sahna eseri ilkinji gezek görkezilýär) 19:00;
  • 26-njy fewral: «Şadyýan wäşiler» 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

  • 25-nji fewral: Italýan dirižýory Klaudio Wandelliniň ýolbaşçylygyndaky konsert 19:00;
  • 25-nji fewral: «Körpe gelin» 19:00;
  • 26-njy fewral: «Sawçy we sallahlar» 19:00.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

  • 24-nji fewral: «Seň yşgyňda perwana» 19:00;
  • 25-nji fewral: «Ependi, sen kim?» 19:00;
  • 26-njy fewral: «Gyzyl alma» 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

  • 24-nji fewral: «Коварство и любовь» 19:00;
  • 25-nji fewral: «Бовенджик» 12:00;
  • 25-nji fewral: «Ханума» 19:00;
  • 26-njy fewral: «Аладдин и волшебная лампа» 11:00;
  • 26-njy fewral: «Аладдин и волшебная лампа» 13:00;
  • 26-njy fewral: «Одна испанская ночь» 19:00.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry myhmançylykda:

  • 25-nji fewral: «Körpe gelin» 17:00, 19:00;
  • 26-njy fewral: «Körpe gelin» 17:00, 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

  • 24-nji fewral: «Enemiň owlajygy» 17:00;
  • 24-nji fewral: «Çagaly öý bazar» 19:00;
  • 25-nji fewral: «Bir towşanjyk bar ekeni..» 17:00;
  • 25-nji fewral: «Çagaly öý bazar» 19:00;
  • 26-njy fewral: «Böwenjik» 12:00;
  • 26-njy fewral: «Janly gurjaklar» 17:00;
  • 26-njy fewral: «Çagaly öý bazar» 19:00.

Bellik: Aşgabat şäherindäki teatrlarda görkeziljek sahna eserleri üçin petekleri teatrlaryň kassalaryndan alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň