Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň başlygy täze goşgusyny Arkadag şäherine bagyşlady

16:3022.02.2023
0
28365

Ozal habar berşimiz ýaly, Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergerden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Hatda Neda Berger Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýar.

Hatyň soňunda hanym Neda Berger özüniň «akylly» Arkadag şäherine bagyşlap döreden täze goşgusyny hödürledi.

ARKADAG ŞÄHERI

Arkadag! Sen täze, «akylly» şäher,
Arkadag! Sen bize sarsmaz galasyň,
Arkadag! Sen bize umyt-arzuwsyň.

Seniň adyň — goragyňdyr,
Seniň adyň — diregiňdir,
Seniň adyň — geljegiňdir.

Sen — bagtly ýaşlaň şäheri,
Sen — aýdyň, tämiz durmuşyň,
Hem nurly Günüň şäheri.

Sen — bagtly halkyň şäheri,
Sen — öz beýik dana Ogluň —
Gahryman Arkadagyň şäheri.

Ol seni döredýär, gurýar,
Seniň bilen öňe barýar,
Ýüregi seň bilen urýar.

Ol saňa güýç-kuwwat berýär,
Saňa ynam-umyt berýär,
Saňa geljek, ömür berýär.

Arkadag şäheri we Gahryman Arkadag!
Siz hemişe bile,
Hemra birek-birege!

Goý, Arkadag şähri müdimi bolsun!
Goý, seniň adyň hem ba:ka ulaşsyn!
Gahryman Arkadag baky ýaşasyn!

ŞÖHRAT SIZE, ARKADAG!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň