Aşgabatdaky «KIBERone» programmirleme mekdebi tölegsiz okuwlara gatnaşyp görmäge çagyrýar

17:5323.02.2023
0
42145

«Microsoft» korporasiýasy tarapyndan hünäre ýöriteleşdirilen ilkinji çagalaryň «KIBERone» halkara programmirleme mekdebi nobatdaky gezek Minecraft education we HTML / CSS programmirleme tölegsiz synag sapaklaryna gatnaşyp görmäge çagyrýar.

Sanly ulgamyň şertlerini giňişleýin öwrenmegiň ilkinji ädimlerini bu ýerde 2-nj martda sagat 14:00, 15:00, 16:00, 17:00, 18:00 aralygynda dowamlylygy 45 minut bolan tölegsiz synag okuwlaryna gatnaşyp başlamak bolar.

«KIBERone — bu çagalaryň we ýetginjekleriň geljekde uly peýda etjek başarnyklaryny kämilleşdirýän ýeri bolup, ösen tehnologiýalar barada köp sanly maglumatlary öwredýär. Biz 6 — 16 ýaş aralygyndaky çagalara üstünlikli biznesi guramaga ýardam edýän IT ulgamy barada zerur bilimleri berýäris, şeýle-de kompýuter oýunlaryny, ykjam goşundylary, Web hem-de Store üçin niýetlenen saýtlary ýasamak, emeli aňy we wirtual hakykaty döretmek, multfilmleri we filmleri surata düşürmek hem-de kebşirlemek, şunuň bilen birlikde hem 50 dürli bilim maksatnamalaryny (modullary) öwredýäris. Biziň mekdebimizde okpa bilim almak çagalara toparlaýyn we jemgyýetçilik çykyşlarynda başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýardam berer» diýip, bilim merkeziniň hünärmeni gürrüň berýär.

«KIBERone» halkara programmirleme mekdebiniň okuw sapaklary 10 çagadan köp bolmadyk toparlarda geçirilýär, okuwlaryň esasy ýörelgeleri bolsa her okuwça özbaşdak çemeleşmek bolup durýar. «KIBERone» mekdebiniň mugallymlary IT pudagynda baý tejribä eýedir, olaryň ählisi amaly taslamalary alyp barýan işläp taýýarlaýjylar, sanly tehnologiýalar ulgamynda bilermenler hasaplanýar.

Mundan başga-da, okuwlaryň töleglerini geçirmekde çeýe arzanladyş ulgamy hem göz öňüne tutulandyr.

Has giňişleýin maglumat almak üçin şu salgylara ýüz tutmak bolýar: (+993 63) 63 91 92, (+993 62) 52 56 38 ýa-da sosial mediadaky akkaunty.

Programmirleme mekdebiniň ýerleşýän ýeri: Aşgabat, Türkmenbaşy şaýoly, TSTB-niň binasy, 7-nji gat.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň