Soňky habarlar

Arhiw

«BAFTA» kino baýragynyň ýeňijileri belli boldy

11:1121.02.2023
0
33842
«BAFTA» kino baýragynyň ýeňijileri belli boldy
Surat: itc.ua

Režissýor Edward Bergeriň «Günbatar frontda asudalyk» atly filmi iňlis dilindäki däl iň oňat film ugry boýunça Beýik Britaniýanyň Kino we telewideniýe sungatlary akademiýasynyň («BAFTA») baş baýragyny aldy diýip, «Interfax.ru» ýazýar.

Baýraklaryň gowşurylyş dabarasy geçen ýekşenbede Londonda boldy.

Berger şeýle-de iň oňat režissýor diýlip yglan edildi, onuň «Günbatar frontda asudalyk» atly filmi iň oňat adaptirlenen ssenariý, operatorlyk işi, saundtrek we ses ugurlary boýunça baýraklara mynasyp boldy. Ýazyjy Erih Mariýa Remarkyň adybir romany esasynda surata düşürilen filmde Birinji jahan urşunyň wakalary gürrüň berilýär.

Iň oňat britan filmi diýlip, Martin Makdonyň «Inşeriniň Banşisi» filmi yglan edildi, film şeýle hem iň oňat asyl ssenariý ugry boýunça ýeňiji boldy, baş keşpleri janlandyran Barri Keogan we Kerri Kondon iň oňat erkek we zenan keşpleri üçin baýraklara mynasyp boldular.

Iň oňat aktýor diýlip, Baz Lurmanyň «Elwis» atly filminde rowaýaty aýdymçy Elwis Presliniň keşbini döreden Ostin Batler yglan edildi. Aktrisa Keýt Blanşett «Tar» atly filmdäki keşbi üçin iň oňat aktrisa baýragyny aldy.

«Gilýermo Del Toronyň Pinokkiosy» filmi iň oňat animasion kino ugry boýunça «BAFTA» baýragynyň eýesi boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň