Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäde ortaça aýlyk hakynyň satyn alyjylyk ukyby 0,9 göterim pese gaçdy

11:0018.02.2023
0
21851
Dünýäde ortaça aýlyk hakynyň satyn alyjylyk ukyby 0,9 göterim pese gaçdy
Surat: kapital.kz

2022-nji ýylyň birinji ýarymynda aýlyk hakynyň iň ýokary ösüş derejesi Merkezi we Günbatar Aziýada hasaba alyndy diýip, «Informburo.kz» ýazýar.

Ählumumy ortaça aýlyk hakynyň satyn alyjylyk ukyby hümmetsizlenmäni hasaba almak bilen 0,9 göterim pese gaçdy. Şunda aýlyk haky ýokary bolan Hytaýda bu pese gaçyşlyk 1,4 göterimi düzdi.

Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda we Beýik Britaniýada aýlyk haky 2,2 göterim, ÝB-da 2,4 göterim pese gaçdy. Merkezi we Günbatar Aziýada aýlyk haklary 2,5 göterim artdy. Hytaýy goşmak bilen, Aziýa-Ýuwaş umman sebiti ýurtlarynda aýlyk haky 1,3 göterim köpeldi, oňyn görkeziji arap döwletlerinde-de hasaba alyndy, ol ýerde aýlyk haky 1,2 göterim köpeldi.

Emma Gündogar Ýewropada aýlyk hakynyň 3,3 göterim kemelendigi hasaba alyndy.

Demirgazyk Amerikada aýlyk hakynyň satyn alyjylyk ukybyna hümmetsizlenme täsir etdi, şeýle-de pandemiýadan soňra bazara pes aýlykda zähmet çekýän işçileriň dolanyp gelmegi bilen baglylykda aýlyk haky 3,2 göterim azaldy. Demirgazyk, Günorta we Günbatar Ýewropada aýlyk haklarynyň azalmagyna hümmetsizlenmäniň artmagy sebäp boldy, netijede, satyn alyjylyk ukyby 1,9 göterim pese gaçdy.

Latyn Amerikasynda we Karib deňzi ýurtlarynda pese gaçyşlyk 1,7, Afrikada 0,5 göterimi düzdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň