Soňky habarlar

Arhiw

Mejlisiň Başlygy üç döwletiň täze ilçilerinden ynanç hatlaryny kabul etdi

10:0517.02.2023
0
33556

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa birnäçe döwletleriň wezipä täze bellenen ilçilerinden, has takygy, Şwesiýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Danestaddan, Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andre Karstensden, Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Doržiýn Baýarhuudan ynanç hatlaryny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan daşary ýurtly diplomatlaryň her birini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, olara ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklary, döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomatlar öz döwletleriniň ýolbaşçylarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Duşuşyklaryň barşynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Ilçilere Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berildi.

Şeýle-de ilçiler türkmen parlamentiniň düzümi we işi, dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmak boýunça geçirilýän işler bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şol sanda halkara parlament düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar öz ýurtlarynyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen giň ugurlar boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belläp, däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam bermäge taýýardyklaryna ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň