Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eýran Türkmenistanyň islendik pudakdaky taslamalaryny doly maliýeleşdirmegi teklip edýär

11:1516.02.2023
0
23871
Eýran Türkmenistanyň islendik pudakdaky taslamalaryny doly maliýeleşdirmegi teklip edýär
Surat: glassdoor.co.in

Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl ozal iberilen tebigy gaz üçin Eýranyň Türkmenistana 2 milliard dollar bergisi galypdy. Häzirki wagtda Eýranyň öňdebaryjy gaz kompaniýasy bolan «NIGC» türkmen tarapyna bergini doly ýa-da bölekleýin tölemek üçin islendik pudakdaky taslamalary doly maliýeleşdirmegi teklip edýär.

Bu barada «NIGC»-iň golçur kärhanasy bolan Eýranyň gaz inženerçilik we ösüş kompaniýasynyň (IGEDC) dolandyryjy müdiri we geňeş başlygy Reza Nowşadi 2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda mälim etdi.

— Türkmenistanyň öňündäki 2 milliard ABŞ dollary möçberindäki bergä derek biz Türkmenistanda diňe bir nebit-gaz pudagyndaky däl, eýsem islendik pudakdaky taslamalary doly maliýeleşdirmegi amala aşyrmaga taýýar — diýip, Reza Nowşadi belledi.

Onuň aýtmagyna görä, Eýran taslama başlandan tä tamamlanýança ony maliýeleşdirmegi, taslamagy, onuň gurluşygyna we ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün edip biler.

— Şeýle hem, bergini üzmekde özara ylalaşylan islendik karar boýunça gaz ýataklaryny özleşdirmäge gatnaşmagy teklip edýäris — diýip, Nowşadi nygtady.

Bergi meselesini çözmek boýunça eýýäm hökümet derejesinde gepleşikler alnyp barylýar diýip, Reza Nowşadi mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň